01-06-2025
251
"Çagalary goramagyñ halkara güni"
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Arkadag şäherinde, paýtagtymyzda ýerleşýan "Aşgabat" seýilgähinde we başga-da birnäçe ýerlerde geçirilen baýramçylyk çärelerine Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary hem işjeň gatnaşyp, gyzykly sahna eserleri bilen çykyş etdiler. Baýramçylyk çäresine gatnaşan çagalar gurjak teatrynyň çykyşlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler.