01-06-2025
266
"Türkmen döwlet gurjak teatrynda haýyr-sahabat çykyşlary gurnaldy."
Çagalary goramagyñ halkara güni mynasybetli Türkmen döwlet gurjak teatrynda haýyr-sahabat çykyşlary gurnaldy. Bu haýyr-sahabat çäresinde gurjak teatrynyñ artistleri özleriniñ gyzykly çykyşlaryny ýerine ýetirip, çagalara ýatdan çykmajak şatlykly pursatlary sowgat etdiler. Haýyr-sahabat çäresine "Hasar" hojalyk jemgyyeti hem goşulşyp, bu çärä gatnaşan çagalara öz karhanalarynda öndürilýän önümlerden sowgatlary paýladylar.