30-05-2025
213
"Parahatçylyk sazy- dostlyk, doganlyk sazy" atly aýdym-sazly festiwaly
Türkmen döwlet gurjak teatrynda "Parahatçylyk sazy - dostluk, doganlyk sazy" atly aýdym-sazly festiwalynyň çäklerinde ýaş estrada aýdymçylarynyň konserti geçirildi. Bu konsertde Aşgabadyň we welaýatlaryň çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary çykyş edip, türkmen hem-de daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini ýerine yetirdiler. Konsert tomasaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy.