Bäşimowa Oguldöndi 2

  1982-nji  ýylda  doglan  milleti  boýunça  türkmen. 2006-2007-nji  ýyllar  aralygynda  Aşgabat  şäherindäki  A.S.Puşkin  adyndaky  rus  drama  teatrynyň  ýanyndaky  drama  studiýasynda  drama teatrynyň aktýory  hünärini  ele aldy. 2009-njy  ýyldan  bäri  Türkmen döwlet gurjak teatrynda I-derejeli artist  wezipesinde işläp gelýär.Iş  döwründe  ol  dürli  gurjaklary  hereketlendirip, öz  boluşlyja  sesini  bermegini  başaryp  hem  uly  spektakyllarda  aktýorçylyk   ussatlygyny  ýokary  derejede  görkezip  başardy.  Bulara  mysal  edip, teatryň  sahnasynda  sahnalaşdyrylan  oýunlarda: “Demirdonly” (Owlak, Garrymama, Keýik, guş ýylan,jynlar)“Ýeserje  Towşan” (Towşan), “Altyn  Jüýje” (Tilki), “Pilmahmyt” (Üzüm), “Janly  Gurjaklar” (Gazjagaz,Tilki, Syçan), “Üç Jojuk” (Nif), “Dostlar” (Guzy, kömelek), “Akylly Garga” (Towşan, Gurbaga, kömelek), “Hazynaly  ada” (Ene Syçan), “Taýharjyk”(Alaka) ýaly keşpleri görkezmek bolar. Seylede 2017-2021-nji yyllar aralygynda“Arsyn mal alan”(Jahan dayza) “Gopbam towsanjyk’’(tilki) ýaly keşpleri ýerine ýetirdi.Oguldöndi  Göläýewa  döwlet derejesinde geçirilýän medeni çärelerde, baýramçylyk dabaralarda   hem-de  teleýaýlyma, gazýetlere  interwýu  berip  durýar, şeýle-de teatr tarapyndan gurnalýan döredijilk duşuşyklaryna we döredijilik iş saparlaryna işjeň gatnaşýar.