Gurbanmyradova Gulalek 2

Gurbanmyradowa Gülälek Tahyr gyzy 2001- nji ýylla Aşgabat şäherinde doguldy. Gülälek orta mekdep döwrinden başlap medini çärelere uly höwes bilen işjeñ gatnaşýardy. Ol ýetginjekler köşgine hem gatnaýardy. 2024-nji ýylda Türkmenistanyñ Telewideniýe radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň tehniki okuwyny tamamlady.Hazirki wagtda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň 1-nji derejeli artisti bolup işleýär. Gülälek teatr sahnasyndaky spektaklarda çykyş edip öz başarnygy bilen tomaşaçylaryñ hem söýgisini gazandy. Ol "Romeo we Julieta"da Julietdany, "Maugli"da çaga möjegiň keşbini, "Arşdan inen ykbal"da Jennediň keşbini, "Aşyklar"da Surany, "Arşyň mal alan"da‎Gülçehrany,"Japbaklar"da Şirinjemaly, "Çagalyk älemgoşarynda" garalyny,"Maşa we aýy"da Maşany,"Wah bu söýgidä..."de goňşy gyzy,"Jüýteniň toýynda" alakany, "Altyn jüýjede tilki we jüýjäni, "Şadyýan sazandarlar"da tansçy gyz ýaly birnäçe esasy keşpleri janlandyryar. Gülälek mekdeplerde we çagalar baglarynda we komediýa oýunlarynda çagalar üçin çykyş etmekde-de işjeň gatnaşýar.